BIZNES

Bankyň paýnamalaryny satyn alaryn diýseňiz!

Bankyň paýnamalaryny satyn alyp bilersiňiz! “Türkmenistan” gazetindäki bildirişe görä, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýnamalaryny satuwa çykarýar.

Bu barada goşmaça maglumat almak üçin gymmatly kagyzlar bazarynyň hünärli gatnaşyjylaryna (dellallara) we gazna biržasyna ýüz tutup bilersiňiz.

«Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2016-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde 15172825 sanaw belgisi bilen hasaba alyndy. Hasaba alnan senesinde “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky, “Garagum” halkara paýdarlar banky, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary bolup durýardylar.

“Garagum” halkara paýdarlar bankynyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyna birikmegi bilen, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryş resminamalary Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirliginde gaýtadan hasaba alyndy.

Häzirki wagtda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary bolup “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş edýärler.

Degişli resminamalar:

Agzalyk_tertibi

Listing_tertibi

Söwda_geçirmegiň_tertibi

Hasaplaşyk_düzgünleri

Habarlaşmak üçin:

“Halkbank” PTB 44 49 25

“Türkmenbaşy” DTB 44 40 10 & 44 40 11

“Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ 46 86 05 & 46 88 05

www.agb.com.tm

Göwher Hajymyradowa: Aýdymly dünýäniň bilbili

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy