BIZNES

Ýurtda öndürip boljak harytlar import edilmez

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň 8 aýynda söwda dolanyşygynyömöçberi gçen ýylyňdegişli döwrüne garanyňda, 17,13 göterime barabar boldy. Önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireňde, nah ýüplügiň öndürilişi 101,8 göterime, nah matalar 100,8 göterime, tikin we örme önümleri 117,8 göterime, gön önümleri 107, 8 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümleri öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen 8 aýynyň dowamynda birža söwdalarynyň 180-si geçirilip, 17 müň 681 şertnama hasaba alyndy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 110.8 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüşi bolsa 127,7 göterime barabar boldy.

Şeýle hem içerki we daşarky bazarlary haly we haly önümleri bilen üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda hasabat berlen pudaklarda işleriň hemişe üns merkezinde saklanmagyny tabşyryp, öz ýurdumyzda öndürip boljak önümleri daşary ýurt bazaryndan ýetirmegi bes etmegiň zerurdygy belledi.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler