JEMGYÝET

“Aşgabat-siti” döwrebap taslamanyň düýbi tutuldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat-siti” atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Dabara gatnaşan milli Liderimiz 2013-nji ýylda döredilen Aşgabat şäheriniň gününiň taze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazygynda iri döwrebap ýaşaýş toplumynyň binýadynyň tutulýandygyny belledi.

“AŞGABAT-SITI” TASLAMASY SANLARDA:

  • Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum “şäheriň içindäki şäher” diýlip atlandyrmak bolar.
  • Bu ýerde dürli maksatly binalaryň 240-dan gowragy gurlar.
  • Taslamanyň çäklerinde etrap häkimliginiň, edara binalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlar.
  • 1200 orunlyk 4 sany çagalar bagy, 3 müň orunlyk umumy bilim berýän 4 orta mekdep, Medeniýet öýi, 5 müň orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
  • Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýöriteleşdirilen sazlçylyk mekdebiniň täze we döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, 2 sany saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, Toý mekany, köp gatly awtoduralgalaryň 4-üsini, “Türkmenbaşy” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
  • Bu ýerde kaşaň we has belent, ýagny 12-35 gatly 107 müňden gowrak ilata niýetlenen 17 müň 836 öýli 8 görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýlary gurmak meýilleşdirilýär.
  • Bu ýaşaýyş toplumyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşli bolar. Ol demirden gurlan Türkmeniň Ak öýi şekli bilen halkymyzyň açykgöwünliliginiň, myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.
  • Bulardan başga-da çagalar döredijilik merkezi, seýilgähler, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyny degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýalar ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
  • Ýakyn ýyllarda bu ýerde “Aşgabat-siti” atly döwrebap şäher peýda bolar.

Hormatly Prezidentimiz dabarda çykyş edenden soňra täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutdy.

 

Hyzmatdaşlyga täze saýtlar goşulýar: www.br.com.tm we www.iirmfa.edu.tm

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy