SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Öň girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrmak

Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, kabul eden «Saglyk» döwlet maksatnamamyza laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrüň talaplaryna görä döwrebap ýagdaýa getirilýändigini belledi. Şeýle hem dürli ýokanç keselleriň öňüni almak, olary ýüze çykarmak we bejermek işleri toplumlaýyn esasda kämilleşdirilýär.

Biziň ýurdumyz bu ugurda beýleki döwletler bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär.

Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň Hökümeti bu howply ýokanja garşy göreşe aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işi öz wagtynda bu täze howpa garşy gönükdirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ýokanjyň ählumumy häsiýeti hem-de dünýäniň ähli döwletlerine ýaramaz täsiri göz öňünde tutulyp, Keselleriň ýaýramagynyň garşysyna göreşýän adatdan daşary topar döredildi. Toparyň mejlisleri her hepdede 2 gezek geçirilýär. Bu mejlislerde möhüm çözgütler kabul edilip, ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi.

Aýratyn howply keseliň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegiň çäklerinde ähli saglygy goraýyş edaralary zerur lukmançylyk enjamlary, gorag we zyýansyzlandyryjy serişdeler, test-ulgamlar bilen doly üpjün edildi diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş ýerlerinde serhet, migrasiýa, saglygy goraýyş hem-de oba hojalyk gulluklarynyň işgärlerinden we hünärmenlerinden ybarat toparlaryň gije-gündiz nobatçylygy guralandygyny belledi.

Ýurdumyza daşyndan getirilýän we ulanylýan azyk önümleriniň ýokary hilli hem-de howpsuz bolmagyny üpjün etmek boýunça güýçlendirilen gözegçilik tertibi girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, metbugatda bu ugurdan zerur maglumatlar berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu ýyl öňüni alyş çärelerini üpjün etmegiň çäklerinde waksinalary satyn almak hem-de tapgyrlaýyn getirmek işleriniň guralandygyny nygtady.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda raýatlaryň dynç alşyny guramak maksady bilen, giň gerimli çäreleri we ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmegiň tertibi işlenip taýýarlandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Öz wagtynda görlen çäreler we ýurdumyzyň halkynyň geçiren ägirt uly işleri netijesinde, ýiti öýken sowuklama ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagyna hem-de ýaýramagyna ýol berilmändigini biz şu gün aýdyp bileris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şundan ugur alyp, biz şu gün öň girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrmak barada karara gelýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we birnäçe pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni olaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi.

Türkmenistanyň bellige alan Kowid-19 waksinalary

“Awazada” dynç almagyň tertibi

 

“Awaza”: Migrasiýa gullugy ýörite topar döreder

Ýene-de okaň

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy