SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sputnik V” sanjymy Türkiýede öndüriler

Russiýanyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen “Sputnik V” sanjymyny Türkiýede öndürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy habar berýär.

Bu sanjymy öndürmekde Türkiýäniň “Viscoran İlaç” kompaniýasy meşgullanar. Russiýanyň göni maýa goýum gaznasy we Türkiýäniň “Viscoran İlaç” kompaniýasy bu ýurtda tassyklanan dünýäniň ilkinji koronawirus sanjymy bolan “Sputnik V” öndürmek üçin hyzmatdaşlyk etjekdiklerini bellediler. Sanjymyň önümçilik prosesi bolsa ýakyn aýlarda Türkiýäniň birnäçe sebitinde başlanar.

“Sputnik V” koronawirus ýokanjyna garşy sanjym eýýäm 61 döwletde bellige alyndy. “The Lancet” žurnalynda çap edilen netijelere görä, “Sputnik V” sanjymynyň täsirliligi 91,6% göterim bolup durýar. Beýleki tarapdan Russiýa “Sputnik V” sanjymyň iki dozasyny alan we sanjym edilmedikler bilen deňeşdirilende, sanjymyň 97,6% göterim gorag üpjünçiligi bardygyny habar berdi.

 

Guterrişden milli Liderimize gynanç haty

 

 

Related posts

Türkmenistan-ABŞ: koronawirusa garşy hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul ugurly ýörite gatnawyny ýerine ýetirdi

Ata Watan Eserleri

Kanada öz sanjymyny taýýarlady

Ata Watan Eserleri