JEMGYÝET

Pandemiýa sebäpli nemes diline 1200 söz goşuldy

Koronowirus pandemiýasy sebäpli nemes diline 1200 töweregi täze söz goşulypdyr. Bu barada «New York Post» neşiri habar berýär.

Doktor Kristin Mers bu hadysany dünýäde adatdan daşary ýagdaýyň döremegi we şol ýagdaýy adamlaryň nähilidir bir adalgalar bilen atlandyrmagyna zerurlyk döremegi bilen baglanyşdyrýar.

«Dil diýseň uly güýje eýe. Sözleri dogry aýtmagyň ähmiýetini biz telim ýola gördük. Olaryň nädogry ulanylmagy gepleşikde näsazlyklary ýüze çykaryp biler» diýip, ol ýagdaýa düşündiriş berýär.

Berlin uniwersitetiniň professory Anatol Stefanowiç bolsa nemes diline täze sözleriň girmegini örän seýrek gabat gelýän hadysa hasaplaýar. Ikinji Jahan urşundan bäri beýle ýagdaýa gabat gelinmändir.

 

Sputnik V” sanjymy Türkiýede öndüriler

 

 

Related posts

Ýewropanyň ministrler derejesindäki maslahaty geçiriler

vepa

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Ata Watan Eserleri