JEMGYÝET

Egin-eşik önümleriniň iň gymmatly markalary

Dünýäde marka baha bermek boýunça öňdebaryjy “Brand Finance” kompaniýasy özüniň her ýylky egin-eşik pudagyna degişli markalaryň “Apperal 50” atly sanawyny hödürledi. Bu sanawda esasy markalaryň çykarýan egin-eşikeriň dikiliş hiline üns berilipdir. Sanawyň birinji ornuny “Nike” kompaniýasy eýeläpdir. Bu kompaniýa eýýäm soňky 6 ýyldan bäri öz ornuny hiç kime bermqn gelýär.

Şeýlelikde bilen, “Nike” kompaniýasy yzly-yzyna 7-nji gezek “Iň gymmat eşik markasy” diýen ada eýe boldy. Kompaniýanyň bahasy 30,443 milliard dollar bilen bahalandyrylýar.

Ikinji orunda bolsa özüniň 15.599 milliard dollar bahasy bilen “Gucci” kompaniýasy gelýär. Üçünji orny bolsa, 14,858 milliard dollar bahasy bilen “Louis Vuitton” kompaniýasy eýeledi.

“Nike” kompaniýasynyň esasy garşydaşy bolan “Adidas” kompaniýasy 14.342 milliard dollar bilen bu ýylky sanawda dördünji orna mynasyp bolmagy başardy.

Bu ýyl iň çalt ösen markalaryň içinde “Fila” kompaniýasy boldy. Onuň bahasy 2.7 milliard dollara ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 68 göterim ýokarlanmagy başarypdyr. Şeýle hem bu kompaniýa geçen ýylyň sanawy bilen deňeşdirenimizde, 50-nji orundan 33-nji orna çenli beýgelipdir.

Sport pudagyna degişli egin-eşik markalarynyň meşhurlary hasaplanylýan “The North Face” markasy sanawda 16-njy orna, “Anta” markasy 17-nji orna, “Puma” markasy 20-nji orna, “Under Armour” markasy bolsa 29-njy orna mynasyp boly.

Biz bolsa okyjylarymyzy iň gymmat 10 sany geýim markalaryň sanawy bilen tanyşdyrmagymyzy makul bildik:

1. “Nike”

2. “Gucci”

3. “Louis Vuitton”

4. “Adidas”

5. “Chanel”

6. “Zara”

7. “Uniqlo”

8. “H&M”

9. “Cartier”

10. “Hermes”

 

“Ýeke özi öýde” filminiň baş gahrymany indi ýeke däl

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi