Türkmenistanda bank kartlaryndan peýdalanyjylaryň sany soňky sekiz ýylyň içinde millionlarça adama çenli artdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada takyk maglumatlar berildi.
Makalada görkezilişi ýaly, 2013-nji ýylda Türkmenistanda 87 müň 300 töweregi bank karty ulanylan bolsa, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, işjeň ulanylýan bank kartlarynyň sany 4 million 460 müňe ýakynlady. Neşiriň berýän maglumatyna görä, eýýäm 2015-nji ýylda ýurdumyzdaky bank kartlarynyň sany 1 milliona golaýlady. Bu san 2017-nji ýylda 2 milliondan, 2018-nji ýylda 3 milliondan, geçen ýyl bolsa 4 milliondan geçdi.
Şeýle hem 2013-nji ýylda ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklar üçin 500-e golaý töleg terminaly bolan, şu ýylyň ilkinji gününe çenli olaryň sany 39,2 müňe ýetdi. Geçen sekiz ýylda ýurdumyzda işjeň ulanylýan bank kartlary 51,1 esse hem-de töleg terminallary 78,4 esse köpeldi
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň oktýabr aýyndaky «Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, beýleki töleglerini bank kartlarynyň üsti bilen bermek ýola goýuldy.
Häzirki wagtda bank ulgamy tarapyndan ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyza «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Overdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilendir. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan kämil, döwrebap tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy netijesinde hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleri barha artýar.
