BIZNES

Birža täzelikleri: arap işewürleri agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny we tehniki kükürdi satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 515 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Related posts

Bakanlar Kurulu: Aşkabat-Türkmenbaşı otobanı hayata geçiyor

vepa

Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Russiýanyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak teklip edildi

TSTB-niň kärhanalarynda haryt dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy

Leave a Comment