BIZNES

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

2025-nji ýylda Türkmenistandan eksport edilýän azyk önümleriniň möçberi 30 % ýokarlandy. Bu döwürde ýurdumyzdan 263 müň tonnadan gowrak azyk önümleri eksport edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän pomidory eksport etmek boýunça sebitde öňdäki orunda durýar. Şoňa görä-de, geçen ýylda 181 müň tonnadan gowrak ter pomidor eksport edilip, bu görkeziji 2024-nji ýyla görä 21 % ýokarlandy.

Bulardan başga-da, 2025-nji ýylda gök önümleriniň we ter miweleriň eksporty 5 %, gaplanan azyk önümleriniň eksporty 3 %, konditer önümleriniň eksporty 123%, alkogolsyz içleriň eksporty 282,6 % ýokarlandy. Şeýle hem, geçen ýylda 6 müň tonna golaý iýmitlik towuk ýumurtgasy we 26 müň tonna golaý azyklyk däneli ekinler eksport edildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ýurdumyzdan eksport edilýän azyk önümleri ileri tutma tertibinde resmileşdirmek işlerini amala aşyrýar. Bu bolsa, azyk önümleriniň ahyrky sarp edijilere gysga wagtda we bökdençsiz daşalmagynda ähmiýetli bolup durýar.

Şeýle hem, Döwlet Gümrük gullugy hususy önüm öndürijiler bilen yzygiderli iş duşuşyklaryny geçirip, gümrük kanunçylygy we olara girizilýän üýtgetmeler hem-de goşmaçalar, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin döwrüň ösýän talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlaryň täze görnüşleri barada hukuk kömegini berýärler.

Related posts

Türkmenistan, Hemtextile 2020 Tekstil Fuarı’na katıldı

vepa

2020-nji ýylda 283 birža söwdalary amala aşyryldy

Birža täzelikleri: nebit we dokma önümlerine uly gyzyklanma