JEMGYÝET

Abadan haly- owadan haly

Adamzat jemgyýetinde möhüm ähmiýete eýe bolýan harytlar sanardan kändir. Döwür bilen aýakdaş gidýän ýurt hemişe ösüşli ýollary nazarlaýar. Ýurdumyzda halkymyzyň abadan, asuda, bagtyýar, bolelin ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen. Bu günki gün eziz Diýarymyzda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly we kiçi telekeçiligiň ösmegine giň ýol açy’ldy. Bu ýollary yzarlaýan raýatlarymyz bolsa dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli, amatly we zyýansyz harytlaryň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýup, Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

«Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler köşgünde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni mynasybetli sergi dabarasy geçirildi. Bu sergä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen telekeçilerimiz öz mynasyp harytlary bilen gatnaşdylar. Biz hem döredijilik toparymyz bilen bu sergä gatnaşan birnäçe ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolduk.

 Söhbetdeşimiz “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmeni Amanmyrat Muhammedow.

  • Amanmyrat, ilki bilen sizi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen güni bilen gutlaýarys. Abadan haly hojalyk jemgyýeti näçe wagtdan bäri hereketde?

 – Abadan haly hojalyk jemgyýeti hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 2016-njy ýylda işe başlady. Şol wagtdan bäri bolsa, haly kärhanamyzda haly önümçiligi güýçli depginde alnyp barylýar.

  • Önümleriňiziň çig mallaryny nireden alýarsyňyz?
  • Öndürilýän haly we haly önümleriniň çig mallaryny Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýan türkmen polipropileni bolup durýar. Haly kärhanamyza ornaşdyrylan enjamlar Türkiýäniň, Belgiýäniň, Germaniýanyň iň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilen, olara bolsa türkmen hünärmen ýigitlerimiz, gyz-gelinlerimiz erk edýär.

  • Öndürilýän önümler nirelere eksport edilýär?

– Häzirki wagtda önümlerimiz daşary ýurtlara, ýagny Özbekistana, Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä, Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilýär.

– Önümçiligiň görnüşleri.

 Haly önümlerimiziň birnäçe görnüşleri bolup, olar sähra, tolkun,

abadan, kümüş ýaly atlara bölünip, olar özüniň bezeg, nagyş aýratynlyklary boýunça tapaawutlanýarlar.

  • Abadan haly önümleriniň önümçilik kuwwaty.

 – Önümçilik kuwwaty barada aýdanymyzda 2020-nji ýylda 3 000 000 inedördül metr haly we haly önümleri öndürildi, şu ýylymyzda bolsa ondan hem gowrak önüm öndürmek meýilleşdirilýär.

  • Zähmet çekýän işgärleriň sany.

 – Kärhanmyzda 700-e golaý işgär zähmet çekýär. Önümçilik gije gündiziň dowamynda alnyp barylýar. Zähmet çekýän işgärleriň aglaba bölegi ýaşlar.

  • Geljekki maksatlaryňyz.

 – Geljekde hem öz önümlerimiz bilen halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak we gerimini giňeldip, türkmen önümlerini ýewropa döwletlerine eksport etmek.

– Amanmyrat, söhbetdeşligimiziň dowamynda bize beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň. Milli haly we haly önümlerini öndürmekdäki alyp barýan işleriňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Sagboluň.

 

Söhbetdeş bolan: 

Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

Traktorda “Sputnik-V” sanjymynyň suraty çekildi

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy