BIZNES

Ownuk üwelen kükürdiň önümçiligi ýola goýlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gerek bolan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary peýdalanyp, ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýan himiýa önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Diýarymyzyň himiýa senagaty kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde has giňişleýin işlemek barada görkezme berildi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy