Hormatly Prezidentimiziň kesgitlän wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýän türkmen gazçylarynyň tutanýerli işi netijesinde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känindäki 04 belgili ulanyş guýusyndan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy.
Ýurdumyzyň gazçylarynyň 2916 metr çuňlukda buraw işlerini üstünlikli geçirip, ýer astyndaky 2860 — 2858 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli kükürtsiz, wodorodsyz arassa metan gazlardan bolan, ýokary ekologik gymmatlygy bilen tapawutlanýan tebigy gaz akymynyň alynmagy bu ugurda möhüm waka öwrüldi.
«Galkynyş» gaz käniniň guýularynyň döwrebaplaşdyrylmagy, käniň düýpli özleşdirilmegi öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň artmagynda-da möhüm orny eýeleýär. Täze gaz akymynyň alynmagy bolsa bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Bir gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak çykymy bolan guýynyň önümçilik möçberini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.
