BIZNES

Birža täzelikleri: el halylaryna uly gyzyklanma

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz, şeýle hem el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň6 million 853 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň manatlykdan gowrak “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 

6-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Related posts

Türkmen-Alman İş Forumu özel sektöre yaradı

vepa

Birža täzelikleri: hytaýly telekeçiler dokma önümlerini satyn aldy

Türkmen Lider EİT Zirvesi’ne Katılacak

vepa