BIZNES

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 12,3% artdy

Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky haryt dolanyşygy üstümizdäki ýylyň biirnji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12,3% artdy. Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi $5,55 mlrd deň boldy – diýip, Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.

Umumy söwda deňagramlygynda ep-esli artykmaçlyk hasabat döwründe $5,07 mlrd deň bolan türkmen eksportyna degişlidir. Tebigy gaz Hytaýa eksport edilýän esasy önüm boldy. Mawy ýangyjyň üpjün edilmeleriniň özüne düşýän gymmaty $5,05 mlrd deň hasaplanýar.

Öz gezeginde, Türkmenistan $476 mln-lyk hytaý harytlaryny satyn aldy. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, Pekin Aşgabadyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar.

Türkmen tarapy HHR-na gazy Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçýän «Türkmenistan — Hytaý» halkara magistral gaz geçirijisi arkaly iberýär. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň Özbegistanyň, Gyrgyzstanyň we Täjigistanyň üstünden geçjek şahasynyň gurluşygy uly depginler bilen alnyp barylýar. Täze «D» şaha türkmen gazynyň Hytaýa iberilmegini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Related posts

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Ata Watan Eserleri

Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Galkynyş» gaz käninde täze guýy ulanmaga berildi

Leave a Comment