SPORT

Mbappe 2 dünýä çempionatynda iň köp gol uran ilkinji futbolçy boldy

Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe iki Dünýä çempionatynda iň köp gol urup, bu üstünligi gazanan ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi.

Ol 2022-nji we 2026-njy ýyllardaky dünýä çempionatlarynda köp gol geçirdi. Bu çempionatlarda hüjümçi degişlilikde 8 we 10 gezek tapawutlandy.

Mbappe 27 ýaşynda, ol 2024-nji ýyldan bäri Ispaniýanyň “Real” klubynda çykyş edýär. Futbolçy topar bilen bilelikde 2024/25 möwsüminde Ispaniýanyň Superkubogyny we Kontinentara kubogyny eýeledi. Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol 2018-nji ýylda Russiýada geçen Dünýä çempionatynda ýeňiji boldy hamana 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä birinjiliginde kümüş medala eýe boldy. Dünýä çempionatlarynda iň köp gol urmak rekordy hem oňa degişlidir (22 gol).

Related posts

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

Ronaldo kinostudiýa açdy

Russiýanyň kubogyny SSKA, Türkiýäniňki bolsa, “Fenerbahçe” gazandy