JEMGYÝET

Ispaniýa – çempion

Ispaniýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final oýnunda goşmaça wagtda Argentinanyň toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Ist-Raterfordda (Nýu-Jersi ştaty, ABŞ) geçirildi.

Duşuşyga ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ispaniýanyň Patyşasy, Meksikanyň Prezidenti we Kanadanyň Premýer-ministri hem gatnaşdy.

Ýeke-täk gol 106-njy minutda Ferran Torres tarapyndan girizildi.

Garşydaşlar dünýä çempionatlarynda özara ikinji duşuşygyny geçirdiler. Olar ilkinji gezek 1966-njy ýyldaky dünýä birinjiliginiň toparlaýyn tapgyrynda oýnadylar. Ol duşuşyk argentinalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Çempionatyň jemleri boýunça Ispaniýanyň ýygyndysyndan Pol Kubarsi iň ýaş futbolçy, Unaý Somin iň gowy derwezeçi, Rodri bolsa iň gowy futbolçy diýen baýraklara mynasyp boldular.

Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýýäm ikinji gezek dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Topar ilkinji gezek bu kubogy 2010-njy ýylda finalda niderlandlary ýeňip gazandy (goşmaça wagtdan soň 1:0).

Ispanlar dünýä çempionatynda diňe iki gezek finalla çykypdylar. Çempionlyk derejesiniň sany boýunça Ispaniýanyň ýygyndysy fransuzlar we urugwaýlylar bilen deňleşdi, olardan diňe Braziliýanyň (5), Germaniýanyň, Italiýanyň (her haýsysy 4-den) we Argentinanyň (3) toparlary öňde barýar.

Argentina üçin bu dünýä çempionatlaryndaky ýedinji final boldy. Bu duşuşyklarda toparyň hasabynda üç ýeňiş (1978, 1986, 2022) we dört ýeňiliş (1930, 1990, 2014, 2026) bar. Utulan finallarynyň sany boýunça argentinalylar niderlandlardan öňe geçdiler (1974, 1978, 2010) we nemesler bilen deňleşdiler (1966, 1982, 1986, 2002).

Ýene-de okaň

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

Dünýä çempionatynyň finaly: Argentina-Ispaniýa

Türkmenistan bilen Gruziýa teatr we muzeý hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan-Gruziýa: 20-den gowrak resminama gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy