BIZNES

Türkmenistan bilen Owganystan salgyt ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Owganystanyň Maliýe ministrliginde Türkmenistanyň we Owganystanyň salgyt gulluklarynyň ýolbaşçy düzümleriniň arasynda gepleşikleriň birinji tapgyry geçirildi. Bu barada Owganystanyň degişli ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Üç günlük gepleşiklere Owganystanyň Maliýe ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň salgyt gullugynyň fiskal, tehniki, hukuk we syýasy meseleler boýunça hünärmenleri, şeýle hem gepleşiklere Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda iki gezek salgyt salmagy aradan aýyrmak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, maýa goýumlary artdyrmak, salgyt tölemekden boýun gaçyrmagyň öňüni almak, bu ugurlarda özara ýeňillikleri döretmek babatda pikir alşyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça salgyt ulgamynda başlangyç şertnama taslamasy boýunça ylalaşyldy. Ministrligiň habar bermegine görä, taraplar salgyt ulgamynda ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda gepleşikleriň nobatdaky tapgyrlaryny geçirmek babatda ylalaşyga geldiler.

Related posts

Halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi kämilleşdiriler

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

TNGIZT Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini ýerli çig mal bilen üpjün edýär

Ata Watan Eserleri