Ýakynda ýurdumyzyň ýaş aýdymçylarynyň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda geçirilýär. Indi, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek däbe öwrüldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenip geçildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar ýaryşyň şertine görä, iki ýagny sazly we sazsyz aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşan ýaş aýdymçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.
Şeýlelik-de ýurdumyzyň ýaş, meşhur aýdymçysy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginde özüniň ezberligini görkezip, bäsdeşlerinden üstün çykmagy başardy we «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» diýen hormatly adyň eýesi boldy.
Bäsleşikde aýdymçylar Täşli Tülegenow, Bahar Annaýewa şeýle-de Rahym Gurbanow dagy 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl bu bäsleşikde ýaş estrada aýdymçy Azat Dönmezow ýeňiji bolmagy başarypdy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!