TEHNOLOGIÝA

2020-nji ýylyň iň gowy tehnologik açyşlary

Bütindünýä ykdysady forumy we «Scientific American» guramasy tarapyndan 2020-nji ýylyň esasy tehnologiýa wakalarynyň sanawy düzüldi. 10 wakaladan ybarat sanawda aşakdakylar bar:

1. Wirtual hassalar ― geljekde saglygy goraýyş ulgamynyň sanlaşdyrylmagy;

2. Agyrysyz infeksiýa we barlaglar üçin mikroiňňeler ― agyrysyz infeksiýa we gan barlaglarynyň netijelerini kesgitleýär. Şol bir wagtyň özünde-de ynsan saglygyna hiç hili zeper ýetirmeýär;

3. Genom sintezi ― bu açyş lukmanlara nesilden-nesle geçip gelýän keselleri hem bejermäge mümkinçilik berýär;

4. Sanly lukmançylyk ― hassalaryň ruhy we beden saglygyny anyklaýar we gözegçilik edýär;

5. Elektrik bilen işleýän uçarlar ― sarp edilýän ýangyjy 90 göterime çenli azaldar;

6. Az uglerodly sement ― heniz doly çözgüdine gelinmedik açyş betonyň hiliniň has ýokary bolmagyny üpjün eder;

7. Gün şöhlesiniň himiýasy ― Gün şöhlesiniň kömegi bilen galyndylary azaldýar;

8. Ýaşyl wodorod ― elektroliz arkaly işlenip çykarylýan, ýokary energiýany sarp edýän senagat üçin bähbitli açyş bolar;

9. Faza arkaly hasaplamak ― adamlara sanly we tehnologik dünýäde hereket etmek mümkinçiligini berýän obýektlere gözegçilik etmek;

10. Kwant zondlaşdyryjy ― wulkanlar, ýer titremeleri we adam beýnisindäki hadysalar bilen bagly iň takyk hasaplamalary taýýarlaýan tehnologiýa.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi