TEHNOLOGIÝA

Bir millionynjy elektrokaryny öndürdi

ABŞ-nyň «Tesla» awtokompaniýasynyň ýolbaşçysy Elon Mask özüleriniň bir millionynjy elektrikli ulagyny hem öndürendiklerini habar berdi. Bu barada ol 10-njy martda «Twitterdäki» şahsy hasaby arkaly maglumat berdi.

Gysgaça ýazgyda: «Teslanyň» agzalaryny bir millionynjy awtoulagyň öndürilmegi bilen gutlaýarys» diýlen sözler bar.

Ýeri gelende aýtsak, gyzyl reňkli «Tesla Model Y» kompaniýanyň öndüren millionynjy elektrikli ulagy boldy. Şeýlelikde, «Tesla» bir million ulaga ähli bäsdeşleriniň arasynda ilkinji bolup ýetdi.

Kompaniýa önümçiligini ABŞ-daky we Hytaýdaky zawodlarynda alyp barýar. Häzir Germaniýada hem «Teslanyň» täze zawodynyň gurluşygyna girişildi.

Related posts

“iPhone” kamerasyna üýtgeşme giriziler

“Samsung” kompaniýasyndan nämeler garaşylýar?

Ata Watan Eserleri

“Nokia”-nyň ilkinji 5G telefony