TEHNOLOGIÝA

Mask öz şäherini gurar

ABŞ-nyň “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask öz şäherini gurýandygyny mälim etdi. Ol bu baradaky taslamasyny ýurduň Tehas ştatynda amala aşyrýar. Ilon Mask täze taslamasy boýunça özüniň “Twitter” jemgyýetçilik tory hasabyndan mälim etdi.

– Tehasda Starbeý şäherini döredýärin – diýip, işewür belläp geçdi. Şäheriň umumy tutýan meýdany onuň “SpaceX” kompaniýasynyň Boka-Çika obasynda ýerleşýän kosmodromyndan ep-esli uly bolar.

Bu şäherde aýratyn çemeleşme bilen serediljekdigi aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, Ilon Mask geçen ýylyň dekabrynda Kaliforniýadan Tehasa göçüp bardy. Bu ştatda ol “Tesla” kompaniýasynyň täze zawodyny gurýar. Tehasyň Ostin şäherinde “Tesla” kompaniýasynyň garamagynda täze düzüm ‘; alyp barýar.

Ilon Mask kompaniýalarynyň hasabyna dünýäniň iň baý adamlarynyň biridir. Onuň kosmos giňişliginde amala şyrmagy göz öňünde tutýan taslamalary köp.

Kosmosda myhmanhana gurlar

 

Related posts

16 ýyllyk “iPhone” telefony satyldy

Dünýäniň iň gymmat 10 sany awtoulagy

Ata Watan Eserleri

Sukerberg 31 milliard dollar ýitirdi

Ata Watan Eserleri