JEMGYÝET

Awtobanyň birinji tapgyryna asfalt düşelýär

Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň 30 kilometre ýakyn böleginde asfaltyň ikinji gatyny düşemek işleri tamamlanyp barýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen uly göwrümli makalada aýdylýar.

Umuman, ýoluň galyňlygy 1 metrden hem geçer. Makalada görkezilişi ýaly, ilki bilen, ýoluň düşegi taýýarlanylyp, soňra geotekstil düşegi ýazylypdyr. Soňra iki gatly, ilki S-3 görnüşli 60 santimetrlik, soňra 20 santimetrlik S-6 görnüşli, onuň üstündenem 20 santimetrlik S-7 görnüşli çagyl-çäge garyndysy ýazylypdyr.

Awtobançylar şu işleri kemsiz dynybam, indi dört aýyň içidir, asfalt ýazmak bilen meşgul. Asfalt ýazmak işi hem üç gat — üç tapgyrdan ybarat. Ilki 10 santimetr galyňlykda iri daşly, gyzgyn-öýjükli, soňra 7 santimetr galyňlykda aram, soňra 5 santimetr galyňlykda ownuk daşly asfalt ýazylýar.

Ýagyş-ýagmyr ýaganda, ýola suw ýygnanmazlygy üçin ýapgytlyk derejesini saklamak, ýola agram düşende jaýrylmazlygy, islendik howa şertlerine tap getirip bilmegi üçin maýyşgaklygyny, dykyzlygyny sazlamak ýaly mümkinçilikler hem täze ýoluň gurluşygynda doly göz öňünde tutulýar.    

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar