JEMGYÝET

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak babatda geçirilen işleriň netijeleri boýunça hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow habasat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna gowşuryljak pul serişdeleriniň möçberi kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize degişli teklip hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda,  eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2026-nji ýylyň 2-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Ýene-de okaň

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar