BIZNES

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistanyň ýol gurluşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluny we bu awtomobil ýolunyň ugrunda täze köprüni gurmak meýilleşdirilýär.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluny we bu awtomobil ýolunyň ugrunda täze köprüni gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagynda degişli teklip hödürlendi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň esasy ýollarynyň biridigini belläp, bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Related posts

5 ýylda 430 milliardlyk maýa goýum

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan, Abu Dabi’deki petrolgaz fuarına katılacak

vepa