BILIMJEMGYÝET

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda türkmen ýaşlaryny 2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk we oba hojalygy ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýa we tehniki ylymlar, matematik we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça ibermegiň maksadalaýyk hasaplanylýadygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

MAHABAT

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Türkmen-gazak bilim gatnaşyklary berkidilýär

Türkmenistanyň Hemişelik wekili BMG-niň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy