DÜNÝÄ

Russiýa — Türkmenistan uçar gatnawlarynyň sany artar

Pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler tamamlanansoň, Russiýanyň awiakompaniýalarynyň ýene ikisiniň Türkmenistana uçuşlary amala aşyryp başlamagy mümkin. Olar «Северный ветер» (Demirgazyk şemaly) we «IrAero» kompaniýalarydyr.

Russiýanyň Federal Howa ulag gullugy 2020-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky degişli buýruk bilen bu iki kompaniýa Türkmenistana uçuşlary amala aşyrmaga rugsat berdi.

Resminama görä, «Nordwind Airlines» (Demirgazyk şemaly) awiakompaniýasy geljekde Moskwa — Aşgabat ugry boýunça hepdede bäş gezek, «IrAero» awiakompaniýasy bolsa Sankt-Peterburgdan Aşgabat şäherine hepdede ýedi gezek uçmaga rugsat aldy.

Ýöne gullugyň belleýşi ýaly, bu uçuşlar diňe kabul ediji tarap («Türkmenhowaýollary» gullugy) doly rugsat berensoň güýje girer.

Russiýa – Täjigistan aralygynda halkara gatnawlary amala aşyranda Türkmenabadyň halkara howa menzilinde uçarlaryna ýangyç guýýan “Nordwind Airlines” awiakompaniýasynyň Türkmenistana gatnawlary amala aşyrmaga isleg bildirýändigi ozal metbugatda habar berlipdi.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Tokaýew we Putin sürüjisiz awtoulagyň gatnaw taslamasyna badalga berdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen halkara suw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Germaniýanyň döwlet ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy