SPORT

13 sekuntda oýunçy çalşyldy

Estoniýa ligasynda juda seýrek ýagdaýa duş gelindi. Estoniýa ligasyndaky düzgüniň talaplaryna laýyklykda, “FCI Levadia Tallinn” — “Nomme Kalju” toparlarynyň duşuşygynda topara goşulan 16 ýaşly futbolçy Lauri Suup, 13 sekuntda oýundan çykaryldy we liganyň taryhyna girdi.

Metbugat wekiliniň habar bermegine görä, “Nomme Kalju” topary üçin 16 ýaşly futbolçy Lauri Suup, oýun başlanyndan 13 sekunt soň oýundan çykaryldy. Oýnuň dowamynda 22 ýaşly ukrainaly Wladislaw Homutow Lauri Suupyň ornuna oýna girdi. Lauri Suup aslynda hem pes ýaş kategoriýanyň oýunçysydy.

Oýun başlanan badyna goragçylar topy yza, ýagny derwezebana geçirdi. Derwezeban bolsa topy biraz ýokary galdyryp, özünden daşlaşdyranda top meýdançadan daşyna çykdy. Şeýlelikde, şol bada “Nomme Kalju” toparynyň oýunçylary çalşyldy. Bu ýagdan diňe bir Estoniýa ligasynda däl-de dünýäde hem seýrek duş gelinýän ýagdaýdyr.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

“Globe Soccer Awards” baýraklary gowşuryldy

Ronaldo Ýakyn Gündogaryň ýylyň iň gowy futbolçysy boldy

Ronaldo karýerasynda 14-nji gezek bir ýylda 40 gol geçirdi

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Şumaher “Formula-1”-iň taryhynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy

«Arkadag» futbol topary Ronaldonyň topary bilen duşuşyp biler