JEMGYÝET

TRT 1-de Seljuklylara bagyşlanan köp bölümli film görkeziler

Türkmen topraklaryndan Anadoly sebitlerine göçüp baryp, taryhdaky iň dowamly imperiýany guran Osmanlylar barada köp bölümli filmleriň birnäçesini döreden türk kinematograflary bu gezek Beýik Seljukly türkmen döwletiniň taryhyna ýüzlenmekçi.

Has takygy, 28-nji sentýabrda TRT1 teleýaýlymynda görkezilip başlanjak «Oýanyş: Beýik Seljuklar» atly täze köp bölümli film türkmen halkynyň taryhyndaky iň şanly imperiýa bagyşlanar.

Türk mediasynda habar berlişi ýaly, filmde Mälik şanyň döwrüne degişli wakalar beýan ediler. Baş gahrymanyň — Mälik şanyň keşbini meşhur aktýor Bugra Gülsoý ýerine ýetirer. Onuň körpe ogly, Beýik Seljuklar nesilşalygynyň iň soňky solnay Ahmet Sanjaryň keşbinde bolsa Ekin Koç çykyş eder.    

Rus dili sahypamyz

Saýtymyzyň täzelenen görnüşine goşulan Rus dili sahypasy geljekde has işjeň sahypalarynyň biri bolar we habarlary Rus dilinde okamak isleseňiz onda, ekranyň sag üst tarapyndan Russiýanyň baýdagyny saýlaň!

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder