DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gymmat dollary

1794-nji ýylda çykarylan hem-de ABŞ-nyň zikgehanasynda zikgelenen seýrek duş gelýän kümüş şaýy dollar söwda-satuwyna çykaryldy. Bu teňňe iň soňky gezek 2013-nji ýylda auksiona çykaryldy we 10 million dollara satyldy we dünýäde gymmaty boýunça dünýä rekordyny goýdy.

“Erkin saçlar” diýilýän kümüş teňňe, gapdalynda erkinligi alamatlandyrýan aýalyň portreti bolup, 1794-nji ýylyň oktýabr aýynda dolanyşyga girizildi. Ilkinji teňňeler halk köpçüligi üçin niýetlenmedi, zikgehananyň müdiri Dewid Rittenhausa ýokary derejeli adamlara sowgat bermek üçin berlipdi.

– Bu teňňe arzuw. Ol bahasyna ýetip bolmajak sungat eseri. Indi zikgelenmeýändigi  üçin gaty gynanýaryn – diýip, bu şaýy dollaryň eýesi Brýus Morelan gürrüň berdi.

Morelan bu kümüş şaýy dollary bilen birlikde auksiona umumy bahasy 20 million dollar töweregi taryhy teňňeler ýygyndysyny goýdy.

 

Related posts

Türkmenistan we Kataryň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistan täze ulag geçelgelerini öňe sürýär

Ata Watan Eserleri

2657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi