JEMGYÝET

Onlaýn Sergi Ata Watanymyz barada maglumat berýär

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi hereket edip başlady. https://neutrality.gov.tm/online-exhibition/ salgysyndan onlaýn zyýaratçylaryny kabul edýän sergi birnäçe onlaýn pawilýonlardan ybarat. Onlaýn sergide, Türkmenistan – Bitaraplygyň Mekany, Türkmenistanyň Söwda Toplumy, Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlary, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk toplumy, Türkmenistanyň Nebitgaz Toplumy, Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumy, Türkmenistanyň Bilim, Ylym, Saglygy Goraýyş we Sport Ulgamlary, Türkmenistanyň Oba Hojalyk Toplumy we  Türkmenistanyň medeniýet ulgamy ýaly onlaýn pawilýonlar bar. Onlaýn sergi şeýle hem, Aşgabat şäheri we welaýatlarymyza degişli aýry-aýry bölümleri özünde jemleýär. Onlaýn zyýaratýçylar her pawilýonu zyýarat etmek bilen, şol bölüme degişli maglumatlary we fotosuratlary görmek mümkinçiligine eýe bolar. Onlaýn sergi Türkmen, Rus we Iňlis dillerinde hereket edýär.

 

Degişli habarlar

Onlaýn Kitaphana hereket edip başlady

Täze elektron neşir hereket edip başlady

Related posts

Leýla we Arzu Aliýewalar Awaza geldiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy!

Ata Watan Eserleri

Merkezi saýlaw topary: saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler

Ata Watan Eserleri