JEMGYÝET

Onlaýn Kitaphana hereket edip başlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň onlaýn kitaphanasy hereket edip başlady. https://neutrality.gov.tm/library/tk/ linkinden elýeter bolan elektron kitaphananyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryny dünýäniň dürli künjeginden okamak mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki wagtda dünýäniň 20 diline terjime edilen çuňňur mazmunly kitaplary halkara ylmy jemgyýetçiligi üçin has elýeterli bolýar. Çünki bu günki günde dünýäniň dürli halklarynyň, jemgyýetçilik we ylmy wekilleriniň bu eserleri öz ene dillerine hem okamaga giň mümkinçilik alýandyrlar. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň türkmen döwletiniň Baştutanynyň eserleriniň üsti bilen Türkmenistan hakyndaky gözýetimleriniň has hem giňeltmegine we türkmen halkyna bolan oňyn gyzyklanmanyň artdyrylmagyna ýardam edýändir.

Related posts

“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty geçirildi

ÝB-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri