DÜNÝÄ

ÝUNISEF: Türkmen dilinde Gurban baýramy gutlagy

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand Türkmen dilinde Gurban baýramyny gutlady. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi Instagram hasaby bolan @unicef_turkmenistan hasabyndan goýberilen wideo rolikde, hanym Weýgand, Eziz dostlar! Nesip bolsa, ýakyn günlerde Türkmenistanda iň esasy baýramlaryň biri bolan Gurban baýramyny belläris. Hoşallygy, akgöwünliligi, agzybirligi we ýagty geljege bolan ynamy dabaralandyrýan ähmiýetli baýram bilen sizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Bu ýyl sizden öýde galmagyňyzy we garyndaşlaryňyz we dost-ýarlaryňyz bilen aragatnaşygy başgaça usullar bilen saklamagyňyzy haýyş edýäris. Geliň, bu baýramda birek-biregi goramak we saglyk-amanlykda mähriban ojaklarymyzyň başynda bolmak bilen, töweregimizdäkilere bolan söýgimizi we aladamyzy beýan edeliň! Gurban baýramyňyz mübärek bolsun, mähriban dostlar! diýip  nygtaýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Erik Stýuart bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy