DÜNÝÄ

Bütindünýä söwda guramasy: Maýadarlary çekmek üçin mümkinçilikler

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa ýolbaşçylyk etdi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar türkmen tarapynyň synçy hökmünde amala aşyrjak indiki ädimleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň synçy derejesiniň BSG-niň düzümine goşulyşmaklyga ilkinji möhüm ädimdigini we türkmen tarapynyň synçy döwri, bu gurama we onuň işi bilen ýakyndan tanyşmagy, şeýle hem gurama doly hukukly agza hökmünde goşulyşmak baradaky gepleşikleriň başlamagyna taýýarlyk görmegine mümkinçilik döretjekdigi bellenildi.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi bilen baglanşykly ileri tutulýan birnäçe meselelere garaldy. Türkmenistanyň BSG-na gatnaşmagy ýurduň milli we daşary ykdysadyýetiniň çalt ösmegine goşant goşar, şeýle hem maýadarlary çekmek üçin täze mümkinçilikler döreder.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi