SPORT

Transferlerden 200 million ýewro gazanmakçy

Ispaniýanyň çempiony “Real Madrid” topary düzümini täzelemegi maksat edinýär. Topar tomusky transfer möwsüminde 13 futbolçysyny satmagy göz öňünde tutýar.

“Marca” neşiriniň habar bermegine görä, başga toparlarda kärendesine oýnaýan futbolçylar hem toparyň düzümine goşulan ýagdaýynda topardaky futbolçylaryň sany 37-ä deň bolar. Şonuň üçin topar 13 futbolçysy bilen hoşlaşmakçy bolýar.

Başga toparlara iberilmegi göz öňünde tutulýan futbolçylar:  Hames Rodriges, Garet Bale, Luka Ýowiç, Mariano Diaz, Luka Modriç, Naço Fernandes, Lukas Vaskes, Dani Sebalos, Alwaro Odriosola, Oskar Rodrigez, Hesus Walleho, Borha Maýoral we Horhe de Frutos.

“Real Madrid” topary bu transferlerden azyndan 200 million ýewro gazanmagy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy

Ukrainaly boksçy 3 guşagyny gorady

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler