BIZNES

Türkmenistanda ýene «Coca-Cola» öndürilýär

Türkmenistanda «Coca-Colanyň» we bu kompaniýanyň beýleki meşhur içgileriniň önümçiligi dikeldildi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi şahamçasy bolan «Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» hojalyk jemgyýeti «Coca-Cola Classic»«Coca-Cola Şekersiz»«Fanta Mandarin» we «Sprite» ýaly gazlandyrylan içgileri gaýtadan öndürilip başlady.

Ýurdumyzda 1998-nji ýyldan bäri işläp gelýän zawodyň işine wagtlaýyn arakesme berlipdi. Häzir işini dikelden zawod datly içgileri 1 litrlik plastik gaplarda öndürýär. Içgileriň bahasy hem elýeterli. «Coca-Cola Classic» 10, galan içgiler bolsa 8 manatda paýlaýjy nokatlara ugradyldy.

«Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» meşhur kompaniýanyň Ýer ýüzündäki 11 müň önümçilik nokadynyň birisidir.

Related posts

Irina Lurýewa: «Galkynyş» gaz käni diňe Türkmenistan üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin hem strategik çeşme

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlyklarynyň duşuşygy

Yrak Türkmenistandan tebigy gaz import etmegi meýilleşdirýär