DÜNÝÄ

11-nji iýul Bütindünýä ilat gün

Bütindünýä ilat güni, her ýylyň 11-nji iýulda bellenilip geçilýär. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjy Geňeşi tarapyndan 1989-njy ýylda döredildi. Bu senäniň baýram edilip saýlanmagynyň asyl sebäbi, 1987-nji ýylyň 11-nji iýulynda dünýä ilatynyň bäş milliard adama ýeten takmynan senesi bolup durýandygy bilen düşündirilýär.

Bütindünýä ilat güni, maşgalany meýilleşdirmegiň ähmiýeti, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygy we adam hukuklary ýaly ilatyň dürli meseleleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmagy maksady bilen bellenilýär.

Alymlaryň köpçülikleýin habar beriş gulluklarynda bellemeklerine görä,  dünýä ilaty her 14 aýda takmynan 100 million köpelýär. Dünýä ilaty 2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda 7,400,000,000-e ýetdi. 2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde bolsa dünýä ilaty 7,500,000,000-e barabar boldy. Dünýä ilaty 2019-njy ýylda 7,700,000,000-e ýetdi.

Bu maglumatlar ähli ýurtlaryň hasabatlary tarapyndan köpeldilip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen köpçülige ýetirilýär.

Ýene-de okaň

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistana sapary