DÜNÝÄ

Robotlar koronowirusa garşy göreşer

Afrika yklymynda ýerleşýän Ruanda döwletinde koronowirusa garşy göreşe robotlar hem çekiler. Hökümet bu barada eýýäm kesgitli karar hem kabul etdi. Aýdylyşyna görä, mundan beýläk lukmanlar üçin howply bolan ýerlere robotlar girer.

50 ― 150 aralykdaky adamy ýadynda saklap bilýän robotlar hassalaryň bolýan ýerine iýmit we derman alyp girer. Olar täze tabşyryklary almaga we olary edil adam ýaly ýerine ýetirmäge hem ukyply bolar. Hatda kömekçi robotlar hassalaryň haly agyrlaşyberse, bu barada derrew lukmana habar bermegi hem başarar.

Lukmanlaryň ýakyn kömekçisine öwrüljek robotlaryň ady hem eýýämden belli. Olar Akazuba, Ikizere, Mwiza, Ngabo we Urumuri diýlip atlandyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy