JEMGYÝET

«Atavatan Türkmenistan» we «Makul hyzmat» türkmen metbugatynda

Mälim bolşy ýaly, 5-nji maýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Başlangyç hünär okuw mekdebinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Dabara bu mekdepde guralan giň sergi meýdançasyna paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ençemesinden okuwçylaryň ýüzlerçesi, şeýle hem gyzyklanma bildirýän myhmanlar geldi.

Bu dabaraly çärede «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly we «Makul hyzmat» terjime merkezi bilen bir hatarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazeti hem öz sergisi bilen  gatnaşypdy.

“Biznes reklama” gazetiniň şu ýylyň 11-nji maýynda çapdan çykan sanyndaky “Başlangyç hünär okuw mekdebi gapylaryny giňden açdy” atly makalasynda “Açyk gapylar” gününiň çäresine «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly we «Makul hyzmat» terjime merkeziniň hem gatnaşandygy bellenilip geçilipdir.

«Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly indi köp ýyldan bäri çap edilip gelýän halkara žurnallaryň biri bolup, Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleriň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Žurnalyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty hem Türkmenistandaky we dünýädäki ähli ugurlarda bolup geçýän wakalary okyjylaryna gyzgyny bilen ýetirmäge mümkinçilik berýär.

“Makul hyzmat” terjime merkezi hem ygtybarly merkezleriň biri bolup, iňlis, rus, türk we beýleki dillerde dürli resminamalaryň hem-de beýleki iş kagyzlarynyň terjime edilmeginde giňden hyzmat berýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi