JEMGYÝET

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň mejlisi öz işine başlady. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary hem gatnaşýar.

Gyrgyz metbugatynyň habaryna görä,  Bişkek şäherindäki Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň mejlisi “Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetinde zenanlaryň orny: sanly, durmuş we daşky gurşaw innowasiýalaryny öňe sürmek üçin ýolbaşçylyk” ady bilen geçirilýär.

Oňa Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Gazagystanyň Mažlisiniň Başlygynyň orunbasary Daniýa Espaýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň  Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Bahar Seýidowa gatnaşýar. Şeýle hem bu mejlise Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala meseleleri boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Firuza Nurullozoda onlaýn tertibinde gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Žokorku Keneş mejlisiniň başlygynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa mejlisi açyp, zenanlaryň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn ornuny belläp, gender deňliginiň üpjünçiligi, zenanlaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň ykdysady ösüş üçin möhüm bolup durýandygyny belledi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna Gyrgyzystan başlyklyk edýär. Gyrgyzystanyň başlyklyk edýän döwründe zenanlaryň sebitleýin başlangyçlarynyň goldanmagy,  sanly, durmuş we daşky gurşaw innowasiýalaryny durmuşa geçirmekde zenanlarynyň ornuny pugtalandyrmagy babatda birnäçe işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Seýşel adalarynyň daşary işler ministriniň Türkmenistana ilkinji sapary

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi