JEMGYÝET

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär.

Bu ýerde milli Liderimiz Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň floty bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde goşunlaryň beýleki kysymlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň hem maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli täzelenilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de gös-göni ýolbaşçylygynda döredilen Harby Deňiz Güýçleri hormatly Prezidentimiziň degişli ugruň ösdürilmegine berýän uly ünsüniň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň harby-deňiz kuwwaty goşunyň bu kysymynyň ygtyýaryna gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň hem-de dürli nusgaly we maksatly harby gämileriň hasabyna ep-esli berkedi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Harby Deňiz Güýçleriniň gämileri bilen tanşyp, Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň deňiz kenarlarynyň ygtybarly goralýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň Harby Deňiz Güýçleriniň ýokary goranyş ukyplylygy hem-de söweşjeň kuwwaty olaryň şahsy düzüminiň belent ruhuny artdyrmaga gönükdirilendir.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzi hökmünde Hazaryň derejesini hemmetaraplaýyn berkitmegiň zerurdygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz deňiz we gury ýer serhetlerinde parahatçylygy we asudalygy saklamagyň mukaddes borç bolup durýandygyny belledi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Türkmenistan Ukrainanyň teleýaýlymynyň habaryna nägilelik bildirdi

Ata Watan Eserleri

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri dikuçarda paýtagtymyz we Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy