SIZDEN GELENLER

Kitap

Owal togap edip sylmaly ýüze,

Mukaddeslikleriň seresi kitap.

Sebäpkär körlükden açylan göze,

Garaňky ýollaryň çyrasy kitap.

 

Hanasy sen ylym atly ummanyň,

Çözgüdi bar sende syrly heňňamyň,

Edep-ekram, öwüt-ündew alýanym,

Paýhas çeşmesiniň sakasy kitap.

 

Dana pederlermiň pähmi bar sende,

Ak saç enelerimiň mähri bar sende,

Il-gün üçin gurban bolan ýow günde,

Watan ogullarynyň kyssasy kitap.

 

Beýanyňda ulus il-güniň derdi,

Tanatdyň zalymy namardy, merdi,

Görmek islän sende özüni gördi,

Durmuş halypasy ussasy kitap.

 

Sende aşyklaryň wepasyn gördüm,

Aýralyk ajysyn,  jepasyn gördüm,

Saglyk, Agzybirlik sapasyn gördüm,

Hakyky doslugyň nusgasy kitap.

 

Gözelleriň darak bady hatyňda,

Tarypyn ýetirýäň bedew atyňda,

Türkmenimiň taryhy bar gatyňda,

Halkymyň şatlygy gussasy kitap.

 

Begnazar Atanyýazow

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat