DÜNÝÄ

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar soňky ýyllarda ýokary derejä ýeten Türkmenistan bilen Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar Energetika Hartiýasy bilen Şertnamanyň döwrebaplaşdyrylmagy, energogöterijileriň üstaşyr geçiş meseleleri we halkara gün tertibiniň dünýäniň energiýa bazarlaryna täsiri bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Türkmen tarapy, şeýle hem, Energetika Hartiýasy Sekretariatynyň sebitde energiýa bazarlarynyň integrasiýasyny ösdürmek, energetika pudagynda uzak möhletli durnuklylygy gazanmak, sarp edijileri howpsuz, durnukly we bäsdeş energiýa bilen üpjün etmeklige gönükdirilen strategiki infrastruktura taslamalaryny öňe sürmek üçin sebitleýin çäreleriň ähmiýetini goldaýandygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

Nadir Alparslan: Türkiýe we Türkmenistan Ýüpek ýoluny dikeldýärler

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Wengriýada Orban döwri tamamlandy: täze Premýer-ministr Peter Madýar boldy

Antalýada Türki döwletleriniň guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi