SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gresiýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Dünýäde syýahat etmegi bildirýän ýa-da zähmet rugsadynda bolan wagtyňyz rahat dynç almak isleýän bolsañyz, onda size Gresiýanyñ “Santorini” adasyny maslahat berilýär. Gresiýanyñ Santorini adasy Egeý deñzi bilen çaknyşýar. Bu ada baran mahalyñyz haýsy ýerden seredeniñizde örän owadan keşp janlanýar, Günüň ýaşýan wagty örän köp syýahatçylary ýygnanyşýarlar. Eger-de Günüñ ýaşýan wagtyny görmekden lezzet alýan bolsañyz, onna size gämide syýahat etmek maslahat berilýär, sebäbi deňiz kenary köp syýahatçylaryñ ýygnanmagy gämide Günüñ ýaşýan wagtyny uzak wagtlap hem-de arkaýyn synlap bilersiñiz. Akrotiri maýagynyñ töwereginde gezelenç etmek maslahat berilýär. Haçan-da Gün ýaşanda, bu ýerde birnäçe kafeler, deňiz kenarynda geçirilýän medeni çäreler öz işine başlaýar.

Tomus möwsüminde Santorini adasynda syýahatçylaryñ sany birden köpelýär. Eger siz syýahatçylaryñ az bolmagyny isleýän bolsañyz şeýle hem rahat göwnejaý dynç almak isleýän bolsañyz, onda siz: Maý, iýun, sentýabr we oktýabr aýlarynda syýahat etmegiñizi maslahat berilýär. Plýaž möwsümi iýun aýynyñ başyndan başlap, sentýabr aýynda “Ifestiýa” festiwaly, ýagny feýerwerk tomaşasy bilen tamamlanýar.

Haýsy myhmanhanda galmaly?

Syýahatçylara we dynç almaga gelen adamlara Santoriniñ “West East Suites” myhmanhansynda galmak maslahat berilýär. Myhmanhada galmagyñ esasy maksady onuñ ajaýyp keşpde ýerleşdirilen suw howdany bolup durýar. Bu suw howdana seredeniñde, onuñ suwy deñze akyp gidýän ýaly görkezilýär, bu bolsa adam üçin rahatlyk döredýär. Myhmanhananyñ her bir lýuks otagynda terrasa, otaga degişli hususy suw howdany we gidromassaž wannalary öz içine alýar.

Rimida Villas myhmanhanasy-Oýa, Santorini

Bular ýaly milli gowak jaýjagazlarynda adada irki döwürlerde ýaşap geçen adamlar ýaşapdyrlar. Dag eteginde ýerleşen jaýlaryñ içinde öz öýüñ atmosferasyny duýup bolýar. Ähli otaglarda terrasa we gidromassaž wannalary ýerleşdirilen, haçan-da terrasa çykañyzda, siziñ öñüñizde dag, deñiz we ýüzüp barýan gämileri görmek bolýar. Bu bolsa adamyñ psihiki we fiziki saglygyna hem peýdalydyr.

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy