SPORT

Golowin “Liga 1”-iň öňdebaryjy futbolçysy

“The Score” neşiri dünýäniň öňdebaryjy futbol boýunça milli çempionatlarynyň ösüp gelýän hem-de kämilleşýän futbolçylarynyň sanawyny taýýarlady. Şol sanawda Russiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Aleksandr Golowin Fransiýanyň “Liga 1” milli çempionatynyň barha kämilleşýän futbolçysy diýlip yglan edildi. Ol “Monako” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

Neşiriň bellemegine görä,  Golowiniň Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda özüni gowy görkezendigini, şondan soň “Monako” topary tarapyndan 30 million ýewro tölenip satyn alnandygy mälim edilýär. Ol birinji möwsüminde onçakly gowy oýun görkezip bilmedi. Ýöne ikinji ýylynda Golowiniň “Monakonyň” düzümindäki täsiri ýokarlanyp başlady. Ol garşy derwezä gol geçirip, topardaşlarynyň tapawutlanmagyna ýardam etdi. Şeýlelikde rus futbolçy Fransiýanyň ligasynda barha kämilleşýän futbolçy hökmünde kabul edildi.

Beýleki çempionatlaryň kämilleşýän futbolçylary:

Angliýanyň ligasy – Adam Traore «Wulwerhempton» topary.

Italiýanyň ligasy – Kris Smolling “Roma” topary.

Germaniýanyň ligasy – Suat Serdar “Şalke” topary.

Ispaniýanyň ligasy – Mikel Merono “Real Sosýedad” topary.

Şeýle hem möwsümiň iň gowy oýunçylary mälim edildi.

Angliýanyň ligasy – Sadio Mane “Liwerpul” topary.

Italiýanyň ligasy – Ýosip Iliçiç “Atalanta” topary.

Germaniýanyň ligasy – Robert Lewandowski “Bawariýa” topary.

Ispaniýanyň ligasy – Lionel Messi “Barselona” topary.

Fransiýanyň ligasy –  Anhel Di Mariýa “PSŽ” topary.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri