TEHNOLOGIÝA

Energiýa tygşytlaýan akylly sagat

Hytaýyň dünýä belli “Xiaomi” kompaniýasynyň ýakyn hyzmatdaşy bolan “Haylou” şereketi bir gezek zarýad bilen bir aýa çenli işleýän hem-de energiýa tygşytlaýjy akylly sagat öndürip başlajakdygyny mälim etdi. Bu sagadyň bahasy 21 dollara deň bolar.

Ol “Haylou Solar Smart Watch” diýlip atlandyryldy. Bu sagat bilen baglanyşykly maglumatlar “Xiaomi Youpin” platformasynda ýerleşdirildi.

Sanly enjam 12 rejimi goldamaga ukyply. 1,28 dýumlyk TFT displeýiniň durulygy 240 x 240 piksele barabardyr. Çyglylykdan goraglydyr.

Mälim bolşy ýaly, “Xiaomi” kompaniýasy mundan ozal çagalar üçin niýetlenilen “Xiaomi Mi Bunny 4” akylly sagatlaryny çykarjakdygyny hem mälim edipdi. Ol iki kameradan ybarat bolup, 5G ulgamyny hem goldaýar.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi