TEHNOLOGIÝA

Türkmenistandan Owganystana halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy çekildi

Şu gün, Kerki – Şibergan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy hem geçirildi.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäräniň barşynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew we Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri Masume Hawari çykyş etdiler. Olar dabara gatnaşyjylara bu ulgamyň aýratynlyklary we işe goýberilmäge taýýardygy barada gürrüň berdiler.

Çärede çykyş etmek bilen, H.Hudaýgulyýew aragatnaşyk ulgamyndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň netijeliligi barada belledi. Türkmen we owgan hünärmenleriniň sazlaşykly işleri babatynda aýdyp, halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýurtlaryň arasyndaky möhüm maglumat köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirjekdigi barada nygtap geçdi.

Ministr Masume Hawari dabara gatnaşyjylaryň ählisini Owganystanyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynyň ösüşi babatdaky işiniň wajyp tapgyry bolan halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe goýberilmegi bilen gutlady. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ol halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň “elektron hökümetini” girizmek prosesine itergi berjekdigi, aragatnaşyk ulgamynyň we Owganystanyň çäginde interneti ulanmak başarnygynyň derejesini gowulandyrjakdygy hakynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe goýberilmegine ak pata berdiler. Soňra bolsa dabara gatnaşyjylar ýörite enjamlar arkaly ekranlarda halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlaryň işe goýberilişiniň wideo-prezentasiýasyna syn etdiler.

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi