MEDENIÝET

«Galkynyş» topary Balkan topragynda

Şu günler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilen bilelikde Lebap, Mary, Balkan, Daşoguz welaýatlarynda öz çykyşlaryny guraýarlar.

Balkan welaýatynda milli sirk sungatynyň ussatlary Balkanabat şäheriniň demir ýol menzilinde aýdym- -sazyň belent owazy bilen dabaraly garşy alyndy.

Myhmansöýerligiň ýokary nusgasynda duz-çörek bilen mähirli garşylanan myhmanlar üç günläp, ýagny 27-nji, 28-nji, 29-njy martda her günde iki sapar welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda öz çykyşlary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýlarlar.

Şolarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýelden ýyndam bedewlere ussatlyk bilen erk edýän ýigitleriniň we gyzlarynyň dünýäni haýrana goýan çykyşlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň akrobatlarynyň, žanglýorlarynyň, wäşileriniň gyzykly çykyşlary-da hemmäniň ünsüni özüne çeker.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri