DÜNÝÄ

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Iň uly we iň gowy ýagdaýda saklanyp galan tiranozawr Reksiň skeletleriniň biri hökmünde ykrar edilen nusga “Sotheby’s” auksionynda rekord derejedäki 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy. Bu barada “Associated Press” agentligi habar berýär.

“Sotheby’s”-iň berýän maglumatyna görä, “Gus” diýlip atlandyrylan bu nusga auksiona çykarylan dinozawr galyndylarynyň arasynda iň gymmat bahadan satylan eksponata öwrüldi. Şeýlelikde, ol 2024-nji ýylda stegozawr skeleti üçin tölenen 45 million dollarlyk öňki rekordy täzeledi. Şondan öň rekord 2020-nji ýylda 32 million dollara satylan “Stan” atly tiranozawr Reksiň skeletine degişlidi.

Daşlaşan galyndynyň ýaşy takmynan 67 million ýyl diýlip hasaplanylýar. Skeletiň takmynan 61 göterimi saklanyp galypdyr. Şolaryň arasynda örän gowy ýagdaýdaky kelleçanak, iki aýak penjesi we seýrek duş gelýän birnäçe süňk bar. Skeletiň beýikligi takmynan 3,8 metre, uzynlygy bolsa 11,5 metre ýetýär. Bu galyndy 2021-nji ýylda ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatyndaky fermalaryň birinde tapylyp, ýer eýesi Geri Likingiň hormatyna “Gus” diýip atlandyryldy.

Oňurgaly haýwanlaryň paleontologiýasy jemgyýeti bu täsin skeletiň täze eýesini bu nusgany muzeýe tabşyrmaga çagyrdy. Gurama onuň ylmy taýdan örän möhüm ähmiýete eýedigini we alymlaryň hem-de gözlegçileriň peýdalanyp bilmegi üçin elýeterli bolmalydygyny belledi. Mundan ozal rekord bahalara satylan “Apex” atly stegozawr, “Sue” we “Stan” atly tiranozawr skeletleri ABŞ-nyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň iri muzeýlerine berlipdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkdaky ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy