TEHNOLOGIÝA

Hindistanda 50 milliondan gowrak “iPhone” öndüriler

“Apple” kompaniýasy we onuň üpjün edijileri öňümizdäki 2-3 ýylda Hindistanda 50 milliondan gowrak “iPhone” öndürip, soňra bolsa, bu önümçiligi has-da artdyrmagy maksat edinýär.

Eger bu maksatnamalar durmuşa geçen halatynda “iPhone” telefonlarynyň dünýädäki önümçiligindäki Hindistanyň paýy dörtden bire deň bolar. Şeýle hem bolsa, Hytaý smartfon önümçiliginde öňdebaryjy bolmagynda galýar.

Soňky ýyllarda “Apple” kompaniýasy Hindistanyň bazaryndaky ornuny kem-kemden berkidýär. Günorta Karnataka ştatynda gurulýan “Foxconn” zawodynyň birinji tapgyrynyň aprel aýynda ulanylmagyna garaşylýar. Meýilnamalara görä, ýakyn iki-üç ýylda zawod ýylda 20 million telefon öndürer.

 

Related posts

Birbada 3 enjama güýç berýän enjam

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Kompaniýanyň ilkinji akylly sagady bolar